Eýranyň Daşary işler ministrligi Bahreýniň Eýran Yslam Respublikasy baradaky talaplaryny ret etdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Bahreýniň Içeri işler ministrliginiň beren beýanatyna jogap edip, Manamanyň işgärleriniň ýaraglaryň we partlaýjy maddalaryň tapylandygyny we Eýran bilen arabaglanyşygy bar diýen aýyplamalary ret etdi.
Çarşenbe güni IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Said Hatibzadeh: Bahreýn resmileriniň Eýrana garşy tribuna öwrülen Manama gepleşikleri bilen bir wagtyň özünde eden şeýle ýalan toslamalary Bahreýniň sebit meselelerine düşünmeýändigini görkezýär diýdi.
Hatibzadeh sözüniň dowamynda: Bahreýn hökümeti bikanun sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy öz halky bilen aragatnaşyk saklamaklyga makul bildi we raýat talaplaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Bahreýn hökümetiniň içerki we daşarky meselelerini beýle ýalan aýyplamalar bilen ýapyp bilmejekdigini aýtdy.
Bahreýn Içeri işler ministrliginiň jenaýat agtaryş müdirligi "terrorçy elementleriň tussag edilendigini we terrorçylyk meýilnamasynyň öňüni alandygyny" mälim etdi we Eýran bilen baglanyşygynyň bardygyny toslady.