Ynkylapyň ýokary lideri: Adam hukuklaryny ähliumumy talap edýänler Saddamyň jenaýatlaryny goldadylar
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Yragyň ölen diktatory Saddam Huseýniň Eýranyň halkyna garşy eden jenaýatlary barada durup geçip: "Saddam bu jenaýatlary adam hukuklaryny ähliumumy talap edýänleriň goldawy bilen amala aşyrdy" -diýdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň 1400-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçirilen Ilam welaýatynyň 3000 şehit kongresiniň işgärleriniň ýygnagynda eden çykyşy şu gün irden (penşenbe) konferensiýanyň geçirlen mekanynda neşir edildi.
Bu duşuşykda, Aýatolla Hameneýi 2006-njy ýylyň 14-nji fewralynda futbol oýnunyň gidişinde bomba oklanylmagy netijesinde birnäçe sportçysynyň we tomaşaçylarynyň şehit bolmagyny olaryň sütemkeşligini ýada salýar diýmek bilen Saddam bu jenaýatlary global adam hukuklaryny goraýjylaryň goldawy bilen amala aşyrýardy diýip ýatlap geçdiler.
Ol hezretleri şeýle-de ýazyjylar we hünärmenler bu hakykatlary dünýä derejesinde tanatmalydyrlar we adam hukuklaryny ýalňyş talap edýänleri paş etmelidirler diiýp sözlerine goşdylar.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Ilam halkynyň tutanýerlilik ruhuna salgylanmak we güýçli bombalanmagyna garamazdan öýlerinden we şäherlerinden çykmandyklaryna yşarat edip Urşuň basyşy bu adamlaryň zehininiň ýüze çykmagynyň öňüni alyp bilmedi we bu bombalanmalar astynda şehit Rezaeinejad ýaly ýaş elitalar we zehinler döredi diýip beýan etdi. Duşman ony ýurduň ösüşiniň we kämilliginiň sebäbi hökmünde görende, aýalynyň we ýaş gyzynyň öňünde şehit etdiler diiýp mertebesi belent ýolbaşçy sözüne goşdylar.