Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14732-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 58 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 11, 2021 12:49 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 58 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 58 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 130,661 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 681 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,152,524-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 963 müň 372 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Hasabata görä, 460 günden soň; Günde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 2000-den geçmedi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen bir gije gündiziň boýunda ýurtda 303,336 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 58 million 595 müň 66 adam birinji dozany, 49 million 157 müň 835 adam ikinji dozany we 2 million 237 müň 841 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 109 million 990 müň 742 dozada ýetdi.