Galibaf: Eýran-Türkiýe hyzmatdaşlygy baradaky giňişleýin resminama ykdysady ösüşe sebäp bolar
Eýranyň mejlis başlygy Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňişleýin resminamasy, bu ýurduň prezidentiniň Eýrana sapary wagtynda tamamlanar diýip umyt edýäris diýmek bilen bu giňişleýin resminama ykdysady ösüşlere sebäbi bolar diýip nygtady.
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň birleşiginiň 16-njy konferensiýasyna gatnaşmak üçin Türkiýe ýurduna gurnan iki günlük saparyndan soň Tährana gelen badyna beren gürrüňlerinde bu sapar, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň parlamentara bileleşiginiň 16-njy konferensiýasyna gatnaşmak üçin Türkiýe mejlisiniň başlygynyň çakylygy boýunça iki gün dowam etdi diýdi.
Eýranyň kanun çykaryjy mejlisiniň başlygy bu saparyň dowamynda esasanam Türkiýe mejlisiniň başlygy bilen köptaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigini we dowam etdirilendigini ýatlatmak bilen duşuşygyň gün tertibi, gyşyň howasynyň sowmagy bilen Owganystandaky kyn şertler sebäpli Owganystana we bosgunlara hem-de Palestina meselesine gönükdirildi diýip beýan etdi.
Galibaf sammitiň iki günläp geçirilendigini we gowy kararlaryň kabul edilendigini aýtmak bilen sammitiň ýanynda Türkiýäniň prezidenti bilen söwda we syýasy hyzmatdaşlyk we iki ýurduň arasyndaky söwda çägini ýokarlandyrmak boýunça duşuşyk geçirildi diýdi.