Eýranyň prezidenti goňşular bilen aragatnaşyk strategiýasynyň ähmiýetini nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14736-eýranyň_prezidenti_goňşular_bilen_aragatnaşyk_strategiýasynyň_ähmiýetini_nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Sanksiýalara garşy durmak we zyýansyzlandyrmak üçin goňşuçylyk syýasaty we goňşular bilen gatnaşyklar Eýran Yslam Respublikasy üçin taktika däl-de, strategik ädimidir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 11, 2021 15:50 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti goňşular bilen aragatnaşyk strategiýasynyň ähmiýetini nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Sanksiýalara garşy durmak we zyýansyzlandyrmak üçin goňşuçylyk syýasaty we goňşular bilen gatnaşyklar Eýran Yslam Respublikasy üçin taktika däl-de, strategik ädimidir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şenbe güni goňşy ýurtlara gönükdirilen Eýranyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň başlyklarynyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýranyň bar bolan kuwwatyny göz öňünde tutup, goňşulary bilen alyş-çalyşlary giňeltmek mümkin we bu meselede Daşary işler ministrliginiň roly gaty möhümdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Yslam respublikasynyň sanksiýalary zyýansyzlandyrmak we ýatyrmak baradaky iki strategiýasyna ünsi çekdi: Käbirleri Yslam respublikasynyň gepleşik geçirmeýändigini, käbirleri Eýranyň çynlakaý gepleşiklere gatnaşmaýandygyny ýa-da meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdylar; Şeýle-de bolsa, Yslam respublikasy gepleşiklere mertebe bilen gatnaşdy we teklip edilýän teksti görkezmek bilen gepleşiklerde çynlakaýdygyny görkezdi diýdi.

Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy şeýle-de eger beýleki tarap Eýrana garşy edilýän sütemli sanksiýalary ýatyrmak kararyna gelse, gowy ylalaşyk gazanylar we Eýran Yslam Respublikasy hökman gowy ylalaşyk gözlär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti çykyşynyň başga bir böleginde sebitdäki käbir ýurtlaryň sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşmak ugurda edýän hereketlerini tankytlamak bilen bu kadalaşma bu ýurtlar ýa-da sionist režim üçin howpsuzlygy üpjün etmeýär diýip beýan etdi.

Raisi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň sebit ýurtlarynyň gowylygyny isleýändigini aýtmak bilen Yslam respublikasy bilen aragatnaşyk we Eýran bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklar howpsuzlyga we sebitde parahatçylygyň we asudalygyň ýaýramagyna goşant goşup biler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Owganystandaky problemalary bu ýurtda daşary ýurtlularyň bolmagy bilen baglanyşdyrmak bilen NATO-nyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gatnaşmagyndan soň Owganystan gowy gün geçirmedi diýdi.