Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14754-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 42 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 13, 2021 14:23 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 42 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 42 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 130,764 adama ýetendigini habar berdi.

Hasabata görä, 566 günden soň; Eýranda Korona keselinden gündelik ölýänleriň sany 50 adama ýetmedi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 2 müň 706 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,157,519-a ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 975 müň 404 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 58 million 778 müň 763 adam birinji dozany, 49 million 560 müň 783 adam ikinji dozany we 2 million 745 müň 192 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 111 million 84 müň 738 doza ýetdi.