Eýran we Orsýet, ýadro ylalaşygyny gaýtadan dikeltmegiň zerurdygyny aýtdylar
(last modified Mon, 13 Dec 2021 17:10:16 GMT )
Dec 13, 2021 22:10 Asia/Ashgabat
  • Eýran we Orsýet, ýadro ylalaşygyny gaýtadan dikeltmegiň zerurdygyny aýtdylar

Eýranyň bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri iki ýurduň ýadro ylalaşygy öňki ýagdaýynda dikeltmek kararyna gelendigini aýtdylar.

Eýranyň we Orsýetiň Daşary işler ministrleri Huseýin Amir-Abdullahian we Sergeý Lawrow duşenbe güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde BMG Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklanan deňagramly ýadro şertnamasyny gaýtadan dikeltmek baradaky özara kararyny gaýtaladylar.

Eýranyň we Orsýetiň Daşary işler ministrleri: Ýadro ylalaşygyna gatnaşýanlaryň hemmesiniň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmegiň ýeke-täk dogry ýoly bu halkara şertnamany dikeltmekdir diýdiler.

Amir Abdullahian bilen Lawrow şeýle-de käbir möhüm ikitaraplaýyn we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

IRNA-nyň habaryna görä, Wena gepleşikleri Eýrana garşy edilýän sütemli we bikanun sanksiýalary ýatyrmagy maksat edinýär, bu arada duşmanlaryň esasan hem Sionist režiminiň ýaramaz herketlerine garamazdan Wena gepleşikleri göze görnüp duran ösüşi başdan geçirýär.

Tags