Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14802-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 52 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 15, 2021 18:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 52 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 52 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 130,883 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 2 müň 651 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,162,954-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 985 müň 735 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Şu wagta çenli Eýranda 40,362,269 kowid 19 anyklaýyş synagy geçirildi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 58 million 914 müň 660 adam birinji dozany, 49 million 847 müň 873 adam ikinji dozany we 3 million 119 müň 381 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 111 million 881 müň 914 doza ýetdi.

“kowid 19” diýlip atlandyrylýan koronawirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtda bütin dünýä ýaýrady.