"Hatibzadeh" Ýewropa troikasyna ýüzlendi; Adalatly hyzmatdaş hökmünde hereket ediň
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary çarşenbe gijeki Twittinde Ýerewropa Troikasynyň ýadro ylalaşygyň häzirki ýagdaýy we onuň uzaga çekmeginde Eýrany ýazykly görkezilen beýannamany gaty tankytlady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Said Hatibzadeh" Twitterde Germaniýanyň, Angliýanyň we Fransiýanyň bilelikdäki beýanyna şeýle ýazypdyr: "ýadro ylalaşygy barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň günäsini agzamaýan islendik beýannama, ony çykaranlaryň hakykaty bilmeýänliginiň we nadanlygynyň beýanydyr. " diýip ýazdy.
Hatibzadeh şeýle-de "Ýewropa troikasy adalatly hyzmatdaş hökmünde çynlakaý garalmak islese, adalatly hyzmatdaş ýaly hereket etmeli" diýip sözüne goşdy.