Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14902-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 51 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 23, 2021 13:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 51 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 51 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 131,262 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 932 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,179,817-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 19 müň 343 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle-de geçen 24 sagatyň boýunda 597,271 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 59 million 385 müň 982 adam birinji dozany, 50 million 897 müň 915 adam ikinji dozany we 4 million 965 müň 334 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 115 million 249 müň 231 doza ýetdi.

“kowid 19” diýlip atlandyrylýan koronawirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtda bütin dünýä ýaýrady.