Raisi: Eýranyň prinsipial syýasaty, Yrakdaky durnuklylygy we howpsuzlygy goldamakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tähranyň prinsipial syýasatynyň Yrakdaky durnuklylygy we howpsuzlygy goldamakdygyny aýtdy.
Seýed Ybraýym Raisi penşenbe güni Tähranda Yragyň daşary işler ministri "Fouad Hüseýiniň" duşuşygynda Yrakdaky parahatçylykly we howpsuz parlament saýlawlaryndan kanagatlanýandygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy Yrakda güýçli we başarjaň parlamentiň we hökümetiň döredilmegini elmydama goldaýar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda: Saýlawlara garşylyklar islendik demokratik sistemada bolup biler we protestleriň hem-de bu uguda iş alyp barmagyň kazyýet işinde alnyp barylmagy möhümdir diýdi.
Raisi şeýle-de Yrakdaky islendik howpy öz ýurdumyzdaky howp hasaplaýarys diýmek bilen Yrakda howp döretmek we durnuklylyga howp salmak kabul ederliksizdir we Eýran Yslam Respublikasynyň prinsipial syýasaty Yrakdaky durnuklylygy we Yrak hökümetiniň abraýyny goldamakdyr diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Amerikan goşunlarynyň bu ýurtdan çykarylmagyna yşarat edip bu üstünlik, Yrak halkynyň we wezipeli adamlarynyň çydamy sebäpli bolýar, ýogsam amerikalylar nirä girenlerinde gitmezdiler, meger-de milletleriň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýlaryndan başga diýip beýan etdi.
Raisi şeýle-de, Yrak hökümetiniň Eýranyň Ýemendäki ilçisini yzyna dolandyrmak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Yragyň Daşary işler ministri Fouad Hüseýin hem bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň Yragyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny berk goldamak syýasatyna ýokary baha bermek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Yragyň özygtyýarlylygy we syýasy durnuklylygy üçin berýän goldawyna, Yrak hökümeti we halky tarapyndan elmydama ýokary baha berildi diýip nygtady.