Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 42 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 42 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 131,348 adama ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 121 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,182,905-e ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 24 müň 211 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle-de geçen 24 sagatyň boýunda 446,551 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 59 million 464 müň 524 adam birinji dozany, 51 million 96 müň 388 adam ikinji dozany we 5 million 478 müň 443 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 116 million 39 müň 355 doza ýetdi.
“kowid 19” diýlip atlandyrylýan koronawirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtda bütin dünýä ýaýrady.