Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14950-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid 19-dan ýene 52 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 26, 2021 15:32 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid 19-dan ýene 52 adamyň ölendigini habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, düýn (şenbe) şu gün (ýekşenbe) we anyk diagnostika ölçeglerine görä, ýurtda Covid 19 bilen kesellän 1,857 täze hassa ýüze çykaryldy, şolardan 316-sy keselhana ýerleşdirildi.

Bu habara görä, Eýranda Covid 19 hassasynyň umumy sany 6 million 184 müň 762 adama ýetdi.

Şeýle hem soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 52 Covid 19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň umumy sany 131,400-e ýetdi.