580 günden soň; Eýranda Koronanyň gündelik ölüm derejesi 34 adama ýetdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14958-580_günden_soň_eýranda_koronanyň_gündelik_ölüm_derejesi_34_adama_ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi 580 günden soň; Eýranda Koronanyň gündelik ölüm derejesi 34 adama ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T08:55:16+00:00 )
Dec 27, 2021 13:55 Asia/Ashgabat
  • 580 günden soň; Eýranda Koronanyň gündelik ölüm derejesi 34 adama ýetdi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi 580 günden soň; Eýranda Koronanyň gündelik ölüm derejesi 34 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 34 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 131,434 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 967 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,1826,729-a ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 28 müň 495 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Şu wagta çenli ýurtda 41,592,984 kowid 19 anyklaýyş synagy geçirildi.

Kowid 19 diýlip atlandyrylýan koronawirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.

Resmi statistikalara görä, kowid 19 keseli şu wagta çenli dünýäde iki ýüz segsen milliondan gowrak adama täsir edipdir we bu kesel sebäpli bäş milliondan gowrak adam ölüpdir.