Hatibzadeh: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi döwlet terrorçylygynyň mysalydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14962-hatibzadeh_serdar_soleýmanyň_terror_edilmegi_döwlet_terrorçylygynyň_mysalydyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň Serdar Soleýmanyny şehit etmekdäki hereketini terrorçylykly hüjümiň we döwlet terrorçylygynyň mysaly diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T10:57:23+00:00 )
Dec 27, 2021 15:57 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi döwlet terrorçylygynyň mysalydyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň Serdar Soleýmanyny şehit etmekdäki hereketini terrorçylykly hüjümiň we döwlet terrorçylygynyň mysaly diýip atlandyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu ​​gün (duşenbe) habarçylar bilen hepdelik duşuşygynda Saerdar Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönümine ýakynlaşýandygymyzy aýtmak bilen ABŞ-nyň Serdar Soleýmanyny şehit etmekdäki hereketi, ABŞ hökümeti tarapyndan Trump görnüşinde işlenip düzülen we amala aşyrylan terrorçylykly hüjümiň we döwlet terrorçylygynyň mysalydyr diýdi.

Hatibzadeh sözüniň dowamynda: Bu aýylganç hereket üçin ABŞ hökümetiniň halkara jogapkärçiligi bar we Eýran bu terrorçylykly hereketiň günäkärlerini we geňeşçilerini jogapkärçilige çekmekden saklanmaz diýip beýan etdi.