Hatibzadeh: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi döwlet terrorçylygynyň mysalydyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň Serdar Soleýmanyny şehit etmekdäki hereketini terrorçylykly hüjümiň we döwlet terrorçylygynyň mysaly diýip atlandyrdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu gün (duşenbe) habarçylar bilen hepdelik duşuşygynda Saerdar Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönümine ýakynlaşýandygymyzy aýtmak bilen ABŞ-nyň Serdar Soleýmanyny şehit etmekdäki hereketi, ABŞ hökümeti tarapyndan Trump görnüşinde işlenip düzülen we amala aşyrylan terrorçylykly hüjümiň we döwlet terrorçylygynyň mysalydyr diýdi.
Hatibzadeh sözüniň dowamynda: Bu aýylganç hereket üçin ABŞ hökümetiniň halkara jogapkärçiligi bar we Eýran bu terrorçylykly hereketiň günäkärlerini we geňeşçilerini jogapkärçilige çekmekden saklanmaz diýip beýan etdi.