Bageri: Wena gepleşikleriniň şowly bolmagynyň açary sanksiýalary ýatyrmak barada ylalaşyk gazanmakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14998-bageri_wena_gepleşikleriniň_şowly_bolmagynyň_açary_sanksiýalary_ýatyrmak_barada_ylalaşyk_gazanmakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary duşenbe güni agşam Wenada Bilelikdäki komissiýanyň ýygnagyndan soň Wenadaky gepleşikleriň üstünlikli bolmagy üçin Eýrana garşy zalymlykly sanksiýalaryň netijeli ýatyrylmagy barada ylalaşyk gazanmakdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-28T04:18:48+00:00 )
Dec 28, 2021 09:18 Asia/Ashgabat
  • Bageri: Wena gepleşikleriniň şowly bolmagynyň açary sanksiýalary ýatyrmak barada ylalaşyk gazanmakdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary duşenbe güni agşam Wenada Bilelikdäki komissiýanyň ýygnagyndan soň Wenadaky gepleşikleriň üstünlikli bolmagy üçin Eýrana garşy zalymlykly sanksiýalaryň netijeli ýatyrylmagy barada ylalaşyk gazanmakdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Ali Bageri" Bilelikdäki komissiýanyň mejlisinde dürli taraplaryň, şol sanda Bilelikdäki komissiýanyň koordinatorynyň gepleşikleriň öňki tapgyrynyň üstünlikli bolandygyny belläp, öňki tapgyrda gowy öňegidişligiň bolandygyny tassyklap Gepleşikleri dowam etdirmek üçin oňat mümkinçilik döredilendigini ykrar edendigini aýtdy.

Bageri, bu ýygnakda dürli ýurtlaryň wekilleriniň Wena gepleşikleriniň sekizinji tapgyrynda sanksiýalary ýatyrmak, Hakykaty synamak we kepillikler meselesini çözmegiň möhümdigini we ileri tutulýandygyny aýtmak bilen sişenbe güni sanksiýalary ýatyrmak meselesi boýunça gepleşikler başlar, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň teklip eden iki möhüm meselesi Hakykaty synamak we kepillikler baradaky tekliplerine syn berilmegi nygtadylar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň sözlerine görä maliýe we bank sanksiýalary bilen baglanyşykly meseleler ýakyn günlerde Wena gepleşiklerine gatnaşýan ýurtlaryň gün tertibinde bolar.