Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 53 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 53 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 131,527 adama ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 905 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,190,762-e ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 32 müň 615 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Şu wagta çenli ýurtda 41,791,485 kowid 19 anyklaýyş synagy geçirildi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 59 million 716 müň 485 adam birinji dozany, 51 million 683 müň 120 adam ikinji dozany we 7 million 135 müň 283 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 118 million 535 müň 64 doza ýetdi.
Kowid 19 diýlip atlandyrylýan korona wirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.