Sionist režimiň Siriýanyň çägine edýän hüjümlerine Eýranyň reaksiýasy
(last modified Wed, 29 Dec 2021 11:35:48 GMT )
Dec 29, 2021 16:35 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň Siriýanyň çägine edýän hüjümlerine Eýranyň reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist režimiň Siriýanyň çägine edýän hüjümlerini, esasanam Latakiýa portundaky azyk we derman ammarlaryny gaýtadan nyşana almagyny ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh çarşenbe güni beren gürrüňlerinde Sionist režimiň Siriýa garşy hüjümi, BMG-nyň agza döwletine garşy çozuşdan we özygtyýarlylygyny aç-açan bozmakdan başga-da, agressiýa we Ysraýylyň basyp alyş regžiminiň sebitde dartgynlylyk döretmek maksatlarynyň aýdyň mysalydyr diýdi.

Hatibzadeh şeýle-de Sebitdäki durnuklylygy, howpsuzlygy we parahatçylygy islemeýän we öz howpsuzlygyny Sebitdäki howpyň we durnuksyzlygyň dowam etmeginde bilýän Sionist režimiň ýolbaşçylary, Siriýanyň territoriýasyna ýalan we esassyz bahanalar bilen birnäçe gezek hüjüm edip, ähli halkara kanunlary, düzgünleri we ülňüleri bozdular we üstünden gülýärler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, hüjümçileriň hereketlerine garşy kanuny we ikitaraplaýyn goranyşy Siriýanyň hökümetiniň we halkynyň hukugy diýip atlandyrmak bilen  ýurtlary we halkara jemgyýetçiligini sebitdäki parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýan şeýle hüjümleriň gaýtalanmazlygy üçin zerur çäreleri görmäge çagyryp; Sionist režimiň şeýle agressiw hereketleriniň öňünde dymmak bu režimiň agressiw hereketlerini dowam etdirmegine itergi we ýaşyl yşyk bolar diýdi.

Sionist režim sişenbe güni irden Latakiýa şäheriniň günbataryndaky Ortaýer deňziniň çuňlugyndan birnäçe howa hüjümini amala aşyrdy we şäheriň söwda portunyň konteýner meýdanyny nyşana aldy.

Bu hüjüm partlamanyň bolan ýerinde ýangyna sebäp boldy we maddy taýdan zyýanlara sebäp boldy.

Tags