Eýranyň prezidentiniň Gom şäherinde uly alym-ulamalar bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15026-eýranyň_prezidentiniň_gom_şäherinde_uly_alym_ulamalar_bilen_duşuşygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mukaddes Gom şäherine welaýat saparlaryny dowam etdirip, beýik alym-ulamalar bilen duşuşdy we olar bilen maslahatlaşdy.
(last modified 2021-12-31T07:17:17+00:00 )
Dec 31, 2021 12:17 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidentiniň Gom şäherinde uly alym-ulamalar bilen duşuşygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mukaddes Gom şäherine welaýat saparlaryny dowam etdirip, beýik alym-ulamalar bilen duşuşdy we olar bilen maslahatlaşdy.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şu gün (anna) mukaddes Gom şäherine welaýatlyk saparynyň ikinji gününde Aýatolla Huseýin Nuri Hamedani, Aýatolla Jafar Sobhani we Aýatolla Abdullah Jawadi Amoli bilen duşuşdy we gürleşdi.

"Raisi" Aýatolla Jafar Sobhani bilen duşuşygynda ýurduň dürli welaýatlaryna sapar etmegiň hökümetiň gün tertibinde durýandygyny aýtmak bilen welaýatlara sapar etmek uly bereketdir, sebäbi meseleleri ýakyndan öwrenmek, olary çözmekde örän täsirlidir diýdi.

Prezident Raisi şeýle-de Aýatolla Nouri Hamedani bilen bolan duşuşygynda hökümetiň korona kesellerine garşy göreşmek we inflýasiýa garşy göreşmek baradaky çärelerine we meýilnamalaryna garady we şeýle diýdi: ýrtda sanjymlaryň tizligi bilen beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende amatly ýagdaýdadyrys we ölenleriň sany hem ep-esli azalandyr.

Raisi 13-nji hökümetiň 13-nji welaýat saparynyň çäginde düýn (penşenbe) Gom şäherine sapar etdi.