Tähranyň juma namazynyň ymamy sionistlere duýduryş berdi
Tähran juma namazynyň hatyby, Sionist režimi sähelçe ýalňyşlyk goýberse, Eýranyň ýaragly güýçleriniň olara berk jogaby berjekdigini aýtdy.
Aýatolla Seýed Ahmad Hatami, Tähranyň juma namazynda, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Beýik Pygamber (saw) adyndaky soňky maşklaryna we Sionist režimiň işgärleriniň reaksiýasyna yşarart edip: Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty goranmak we maşklary ýerine ýetirmekden maksady öňüni almak üçindir, emma sionist režim sähelçe ýalňyşlyk goýberse we Eýran halkyna garşy agressiýa hakda pikir etse, Ynkylap goragçylarynyň raketalary olaryň ýagty günlerini ýasa öwürerler diýdi.
Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby şeýle-de, Yslam Rewolýusiýasynyň Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň öňki serkerdesi general Gasem Soleýmaniň şehit bolmagynyň ikinji ýyl dönümine hem ünsi çekdi we şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy Aýn al-Assadyň bazasyna hüjüm etmek bilen ABŞ-a şarpyk çaldy, ýöne iň soňky ar alyş Serdar Soleýmaniň terror edilmeginiň ähli günäkärleriniň, serkerdeleriniň esasanam bu jenaýaty aç-açan boýun alan jenaýatçy Trumpyň jezasydyr diýdi.
Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de geçen hepde Ysraýylyň Siriýanyň Latakiýa portuna eden hüjümini we bu ýurduň azyk we derman ammaryny nyşana alandygyny ýada salyp Sionistler elmydama agressiýa we terrorçylyk hereketleriň yzyndadyr ýöne Hudaýyň merhemeti bilen ýok olmakdan başga ykbaly bolmaz diýip sözlerine goşdy.