Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 41 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 41 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 131,680 adama ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 510 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,196,913-e ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 40 müň 897 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatda 317,196 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 59 million 869 müň 552 adam birinji dozany, 52 million 42 müň 721 adam ikinji dozany we 8 million 91 müň 164 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 120 million 3 müň 437 doza ýetdi.
Kowid 19 diýlip atlandyrylýan korona wirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.