Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15106-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.
(last modified 2022-01-04T08:34:04+00:00 )
Jan 04, 2022 13:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 34 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 34 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 131,736 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 706 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,200,296 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 44 müň 247 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Kowid 19 diýlip atlandyrylýan korona wirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.