Wahidi: Şehit Soleimany ulumsylyga garşy göreşiň iň uly simbolydy
Eýranyň içeri işler ministri: Serdar Şehit general Gasem Soleýmanynyň dünýädäki ulumsylyga garşy göreşiň iň uly simolydygyny aýtdy.
Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi, Serdar Haj Gasem Soleýmanyň şehit bolmagynyň ikinji ýyl dönüminiň çäginde EýranPress-e beren ýörite interwýusynda şeýle diýdi: Duşmanlar bu beýik serkerdäniň barlygyndan gorkýardylar, şonuň üçinem häzirki wagtda olaryň mübärek gany sionizme we global ulumsylyga garşy çagyryşdyr.
Ahmad Wahidi sözüniň dowamynda: Elbetde, bu gymmatly şehitiň hatyrasyny ýatlamak ulumsylyga garşy göreşmegiň iň uly usulydyr diýip beýan etdi.
2022-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna gabat gelýän, 1400-nji ýylyň 13-nji Deý aýy, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Haj Gassem Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönümidir.
2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Yragyň häkimiýetleriniň resmi çakylygy boýunça Yraga sapar eden Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Gasem Soleimany Bagdadyň howa menziliniň golaýynda ABŞ-nyň hüjümçileri we terrorçylary tarapyndan guralan howa hüjüminde Yragyň Halk Basijiniň (Al-Haşd al-Şabi) başlygynyň orunbasary Abu Mahdi al-Mohandes we sekiz ýoldaşy şehit edildi.