Wena gepleşiklerindääki Eýran bilen Orsýetiň ýokary derejeli gepleşikçileri duşuşdylar
Eýran Yslam Respublikasynyň we Orsýetiň ýokary derejeli gepleşikçileri Wena gepleşikleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli gepleşikçisi "Ali Bageri Kani" we Orsýetiň ýokary derejeli gepleşikçisi "Mihail Ulýanow" sişenbe güni Wena gepleşikleri bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdylar.
Wenada ýerleşýän halkara guramalaryndaky Orsýetiň hemişelik wekili hem-de bu ýurduň ýokary derejeli gepleşikçisi hökmünde Wena gepleşiklerine göni gatnaşýan resmi Mihail Ulýanow twitter hasabynda Eýranyň ýokary derejeli gepleşikçisi bilen duşuşygynda Wena gepleşiklerinde çözülmeli iň möhüm çözülmedik meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy diýdi ýazdy.
Orsýetiň ýokary derejeli gepleşikçisi şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministriniň orunbasary we Bilelikdäki komissiýanyň utgaşdyryjysy Enrike Mora bilen "Wena gepleşikleriniň häzirki ýagdaýy we öňe barýan ýoly" barada aýratyn pikir alyşdy.
Eýran bilen 4 + 1 ýurtlarynyň gepleşik delegasiýalarynyň duşuşygy ýerli wagt bilen sişenbe güni agşam Wenada dowam eder.