Galibaf: Şehitler azatlygyň we erkinligiň taryhydyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15150-galibaf_Şehitler_azatlygyň_we_erkinligiň_taryhydyrlar
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy: Şehitleriň hemmesi azatlygyň we erkinligiň taryhydyrlar diýdi.
(last modified 2022-01-06T09:37:48+00:00 )
Jan 06, 2022 14:37 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Şehitler azatlygyň we erkinligiň taryhydyrlar

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy: Şehitleriň hemmesi azatlygyň we erkinligiň taryhydyrlar diýdi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf penşenbe güni Tähran uniwersitetiniň öňünde mukaddes goranmak şehitleriniň mukaddes jesetleriniň jaýlanyşynda Hezreti Fatemeh Zahranyň (salamallah aleýha) wepat bolmagynyň ýyl dönüminde gynanç bildirdi we Yslam Rewolýusiýasynda, goranmak döwürinde we mukaddes mekanlary goramakda şehit bolanlary hatyralamak bilen Yslam Rewolýusiýasynda şehit bolanlaryň ýolunyň dowam etjekdigini nygtady.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy sözüniň dowamynda bu gün häkimiýet başyndaky we jogapkär wezipeli adamlar üçin yslam, ynkylap we Yslam Eýran üçin janyny pida eden bu eziz we gymmatly şehitleriň meýdana çyn ýürekden gelendiklerini bilmek üçin möhüm pursat we ajaýyp mysaldyr diýdi.

Galibaf şeýle-de yslam we ynkylap üçin bar zadyndan geçen şehitleriň, weteranlaryň, söweşijileriň we azadalaryň maşgalalaryna hormat goýdy.

Mukaddes Goranmakda 250 sany näbelli şehit bolan mukaddes jesetleriniň jaýlanyşy şu gün (penşenbe) Eýran Yslam Respublikasynda Hezreti Fatemeh Zahranyň (salamallah aleýha) wepat bolmagynyň ýyl dönüminde geçirildi.