Eýranyň prezidenti, şehitleriň jaýlanyşynda halkyň joşgunly huzurly bolmagyna ýokary baha berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15152-eýranyň_prezidenti_şehitleriň_jaýlanyşynda_halkyň_joşgunly_huzurly_bolmagyna_ýokary_baha_berdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şehitleriň jaýlanyşyna halkyň höwes bilen gatnaşmagyny olaryň howandarlygynyň we wepalylygynyň alamaty hasaplady.
(last modified 2022-01-06T11:01:03+00:00 )
Jan 06, 2022 16:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti, şehitleriň jaýlanyşynda halkyň joşgunly huzurly bolmagyna ýokary baha berdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şehitleriň jaýlanyşyna halkyň höwes bilen gatnaşmagyny olaryň howandarlygynyň we wepalylygynyň alamaty hasaplady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi penşenbe güni bir sargyt ýaýradyp Yslam Eýranyň düşünjeli we ynkylapçy halkynyň sekiz ýyl mukaddes goragda baş ýokarlykda şehit bolan 250 şehitiň jaýlanyş dabarasynda buýsançly we üýtgeşik huzurly bolandyklaryna yşarat edip bu huzur, Eýranyň welaýaty söýýän we wepaly halkynyň beýikligini görkezdi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Bu halkyň hyzmatkäri hökmünde bu giň ýaýran we aňly-düşünjeli barlygy üçin minnetdar diýdi.

Hezreti Fatemeh Zahranyň (salamallah aleýha) wepat bolmagynyň ýyl dönümi bilen bir hatarda 250 sany näbelli şehitiň arassa jesedi tutuş Yslam Eýranda jaýlandy.