Amir Abdullahian: Tähran-Maskat gatnaşyklary uzak wagtlap dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15208-amir_abdullahian_tähran_maskat_gatnaşyklary_uzak_wagtlap_dowam_edýär
Eýranyň Daşary işler ministri Eýran bilen Omanyň arasyndaky gatnaşyklary durnukly we uzak wagtlap dowam edip gelýän gatnaşyklardygyna yşarat edip Eýran hökümetiniň çemeleşmesi goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmekdir diýdi.
(last modified 2022-01-10T08:26:16+00:00 )
Jan 10, 2022 13:26 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Tähran-Maskat gatnaşyklary uzak wagtlap dowam edýär

Eýranyň Daşary işler ministri Eýran bilen Omanyň arasyndaky gatnaşyklary durnukly we uzak wagtlap dowam edip gelýän gatnaşyklardygyna yşarat edip Eýran hökümetiniň çemeleşmesi goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmekdir diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian duşenbe güni Omanyň paýtagty Maskata barany soň şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy goňşularyň arasyndaky aragatnaşygy  berkitmek üçin Pars aýlagynda goňşy ýurtlar bilen gowy gatnaşygy gurmagyň yzyndadyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri tranzit liniýasyny dikeltmek üçin dört taraplaýyn şertnamanyň yzarlanýandygyna ünsi çekip, çarçuwaly şertnama Eýran, Oman Patyşalygy, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan gol çekildi we bu saparda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňelmegi gözden geçiriler diýip nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri Omanyň resmileri bilen duşuşmak üçin şu gün irden bir günlük sapar bilen Omanyň paýtagty Maskata bardy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň bu saparyndaky gepleşikleriniň esasy maksady dürli syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny öwrenmek, şeýle hem sebitdäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdy.