Eýran Gazagystanda durnuklylygyň, howpsuzlygyň we asudalygyň dolanmagyna umyt bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15210-eýran_gazagystanda_durnuklylygyň_howpsuzlygyň_we_asudalygyň_dolanmagyna_umyt_bildirdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary durnuklylygyň, howpsuzlygyň we asudalygyň gysga wagtda Gazagystana gaýdyp gelmegine umyt bildirdi.
(last modified 2022-01-10T08:40:00+00:00 )
Jan 10, 2022 13:40 Asia/Ashgabat
  • Eýran Gazagystanda durnuklylygyň, howpsuzlygyň we asudalygyň dolanmagyna umyt bildirdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary durnuklylygyň, howpsuzlygyň we asudalygyň gysga wagtda Gazagystana gaýdyp gelmegine umyt bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni Gazagystanda bolup geçýän wakalara we bu hadysalaryň ýetiren adam zyýanyna ünsi çekip: Elbetde, ýurduň dolandyryjy hökümeti we Gazagystanyň halky ýurtda bulam-bujarlygy we durnuksyzlygy döretmäge gönükdirilen daşary ýurt dildüwşükleriniň öňüni alandyrlar we bu agyr günleri başdan geçirerler diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy, dosty, dogany we goňşusy bolýan Gazagystanyň ýanynda hemişe bolandyr we boljakdyr diýdi.

2-nji ýanwarda Gazagystanda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy nägilelik ýörişi başlandy soň bolsa hökümetiň işine nägilelik bildirdi.