Fransiýanyň “Lion” kluby Serdar Azmouny almak üçin 6 million ýewro teklip etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15254-fransiýanyň_lion_kluby_serdar_azmouny_almak_üçin_6_million_ýewro_teklip_etdi
Eýranyň milli futbol toparynyň hüjümçisiniň Fransiýa ligasynda bolmagy baradaky taslama täze tapgyra gadam basdy we “Lion Cluby” Serdar Azmouny almak üçin teklip mukdaryny köpeltdi.
(last modified 2022-01-12T08:09:50+00:00 )
Jan 12, 2022 13:09 Asia/Ashgabat
  • Fransiýanyň “Lion” kluby Serdar Azmouny almak üçin 6 million ýewro teklip etdi

Eýranyň milli futbol toparynyň hüjümçisiniň Fransiýa ligasynda bolmagy baradaky taslama täze tapgyra gadam basdy we “Lion Cluby” Serdar Azmouny almak üçin teklip mukdaryny köpeltdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Azmounyň Fransiýanyň “Lion” klubyna geçirilmegi ýanwar aýynda Ýewropa futbolynda iň çynlakaý transferleriň biridir we Orsýetiň Zenit kluby we Fransiýanyň Lion kluby, Azmounyň transferi barada ylalaşyk gazanmak üçin henizem gepleşik geçirýärler.

Ozal Lion transfer üçin üç million ýewro teklip edipdi, indi bolsa bu mukdaryň 6 million ýewro çenli ýokarlanandygy habar berilýär.

Serdar Azmoun, Orsýetiň Zenit kluby bilen 2022-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşandyr.