Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15256-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.
(last modified 2022-01-12T08:34:52+00:00 )
Jan 12, 2022 13:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 32 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 131,972 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk ölçeglere esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän iki müň 89 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,212,387 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 56 müň 633 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Kowid 19 diýlip atlandyrylýan korona wirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.