Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15308-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 18 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2022-01-15T10:35:12+00:00 )
Jan 15, 2022 15:35 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 18 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

 Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 18 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 132044 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän bir müň 421 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,218,741 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 62 müň 633 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.