Oji: Eýran we Russiýa dünýäniň energiýa pudagynda iki möhüm ýurtdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15374-oji_eýran_we_russiýa_dünýäniň_energiýa_pudagynda_iki_möhüm_ýurtdyr
Eýranyň nebit ministri Jawad Oji öz twitinde Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary, Energetika ministri we Russiýanyň hususy böleginiň nebit we gaz ýolbaşçylary bilen köp sanly we intensiw duşuşygyna yşarat edip Eýran we Russiýa dünýäniň energiýa pudagynda iki möhüm ýurtdyrlar diýdi.
(last modified 2022-01-20T07:20:43+00:00 )
Jan 20, 2022 12:20 Asia/Ashgabat
  • Oji: Eýran we Russiýa dünýäniň energiýa pudagynda iki möhüm ýurtdyr

Eýranyň nebit ministri Jawad Oji öz twitinde Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary, Energetika ministri we Russiýanyň hususy böleginiň nebit we gaz ýolbaşçylary bilen köp sanly we intensiw duşuşygyna yşarat edip Eýran we Russiýa dünýäniň energiýa pudagynda iki möhüm ýurtdyrlar diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Oji bu twitinde şeýle-de Eýran bilen Russiýanyň dünýäniň energiýa pudagynda iki möhüm ýurtdygyna salgylanyp bilelikdäki hyzmatdaşlyk üçin köp mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Ol sözüniň dowamynda Russiýa eden sapary wagtynda premýer-ministriň orunbasary, Energetika ministri we Russiýanyň nebit-gaz pudagyndaky ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köp sanly we intensiw duşuşyklaryň geçirilendigini aýtdy.

Oji: Bu gepleşiklerde möhüm kararlar kabul edildi we taraplar möhüm resminamalara gol çekdiler.