Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 30 adamyň ölendigini habar berdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 30 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 132,202-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 3 müň 503 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,245,346 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 78 müň 24 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem geçen bir gije-gündiziň boýunda 329,759 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 60 million 465 müň 452 adam birinji dozany, 53 million 517 müň 573 adam ikinji dozany we 14 million 269 müň 799 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 128 million 252 müň 824 doza ýetdi diýip yglan etdi.