Eýran goşunynyň deňiz güýçleriniň serkerdesi deňiz howpsuzlygy türgenleşigine oňyn baha berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15408-eýran_goşunynyň_deňiz_güýçleriniň_serkerdesi_deňiz_howpsuzlygy_türgenleşigine_oňyn_baha_berdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi 2022-nji ýyldaky deňiz howpsuzlygy türgenleşigi ähli maksatlaryna ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2022-01-22T09:12:07+00:00 )
Jan 22, 2022 14:12 Asia/Ashgabat
  •  Eýran goşunynyň deňiz güýçleriniň serkerdesi deňiz howpsuzlygy türgenleşigine oňyn baha berdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi 2022-nji ýyldaky deňiz howpsuzlygy türgenleşigi ähli maksatlaryna ýetdi diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň deňiz güýçleriniň serkerdesi "admiral Şahram Irani", Demirgazyk Hindi ummanynda Eýranyň, Russiýanyň we Hytaýyň gatnaşmagynda geçirilen 2022-nji ýyldaky deňiz howpsuzlyk guşagynyň bilelikdäki türgenleşiginiň ahyrynda EýranPress habar gullugy bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde: Türgenleşige gatnaşýan güýçler üçin meýilleşdirilen maşklar üstünlikli ýerine ýetdi diýip beýan etdi.

Eýran goşunynyň deňiz güýçleriniň serkerdesi sözüniň dowamynda: Eýran goşunynyň we Ynkylap goragçylarynyň deňiz flotunyň iň möhüm maksady, ýokary netijelere eýe bolan iň ýokary taýýarlyk derejesi bilen deňiz derejesinde bolmakdyr diýdi.

Admiral Şahram Irani sözüni dowam etdirip: Enjamlaryň dürlüligi we türgenleşige gatnaşan güýçleriň geçen ýyl (2021) bilen deňeşdirilende iki esse köpelmegi, 2022-nji ýylda bilelikdäki deňiz howpsuzlygy maşkyň esasy aýratynlygy boldy diýdi.