Admiral Eýrani: Eýran goşunynyň deňiz güýçleri sebitde kesgitleýji güýçe öwrüldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15470-admiral_eýrani_eýran_goşunynyň_deňiz_güýçleri_sebitde_kesgitleýji_güýçe_öwrüldi
Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Harby deňiz güýçleriniň serkerdesi, bu güýçiň Günbatar Aziýa sebitinde dürli ugurlarda kesgitleýji güýje öwrülendigini aýtdy.
(last modified 2022-01-26T01:34:53+00:00 )
Jan 26, 2022 06:34 Asia/Ashgabat
  • Admiral Eýrani: Eýran goşunynyň deňiz güýçleri sebitde kesgitleýji güýçe öwrüldi

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Harby deňiz güýçleriniň serkerdesi, bu güýçiň Günbatar Aziýa sebitinde dürli ugurlarda kesgitleýji güýje öwrülendigini aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Admiral Şahram Irani sişenbe güni agşam Maşadda Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň 5-nji Milli Deňiz Gimni Festiwalynyň ýapylyş dabarasynda indi duşmanlar bizi sahnadan çykarmaga synanyşýarlar, ýöne olaryň bu arzuwy hiç haçan amala aşmaz diýdi.

Şeýle hem ol, Demirgazyk Hindi ummanynda 17,000 inedördül kilometr meýdany bolan Hytaý, Orsýet we Eýranyň deňiz güýçleriniň we ýerüsti we uçuş bölümleriniň gatnaşmagynda "Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin bilelikde" şygary ady bilen geçirilen 2022-nji ýyldaky Deňiz Howpsuzlyk guşagynyň bilelikdäki türgenleşigine yşarat edip käbir ýurtlar dünýäde bir bitewiligi kesgitlemäge synanyşýarka, üç garaşsyz döwlet birleşip, sebit geosyýasatynyň ähli ugurlaryna täsir edýär we täze bir gegemoniýa döredýär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Harby deňiz güýçleriniň serkerdesi şeýle-de biz dünýä üçin hormat bilen bilelikde global howpsuzlygy ýola goýup biljek bir modeli hödürledik diýip beýan etdi.