Raisi: Zulumly sanksiýalar ýatyrylan halatynda islendik şertnama baglaşylyp bilner
Eýranyň prezidenti taraplar Eýranyň halkyna garşy zulum edýän sanksiýalary ýatyrmaga taýyn bolsalar, islendik ylalaşygy gazanyp bolar diýdi.
Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä; Saýyed Ybraýym Raisi sişenbe güni agşam göni ýaýlymda eden çykyşynda beýleki ýurtlara sapar etmeginiň we ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyň netijesiniň ýurduň bähbidini we ähli ugurlardaky ösüşi üpjün etmelidigini we üstünliksiz ýylgyrmagyň millet üçin peýdaly däldigini aýtmak bilen egerde beýleki taraplar häzirki gepleşiklerde eýran halkyna garşy rehimsiz sanksiýalary ýatyrmaga taýyn bolsalar, ylalaşyk üçin ýer bardyr diýip sözlerine goşdy.
Raisi öz döwletiniň binasynyň bütin dünýä bilen gatnaşyk açmakdygyny aýdyp biz bilen aragatnaşyk saklamak isleýän dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşygy dowam etdireris, emma garşy durmak isleýän ýurtlar tebigy ýagdaýda olara garşy durarys diýdi.