Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15474-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 29 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2022-01-26T06:55:31+00:00 )
Jan 26, 2022 11:55 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 29 adamyň ölendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 29 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 132,303-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 11 müň 851 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,279,410 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 88 müň 367 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem geçen bir gije-gündiziň boýunda 380,759 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 60 million 567 müň 566 adam birinji dozany, 53 million 796 müň 203 adam ikinji dozany we 15 million 548 müň 417 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 129 million 913 müň 186 doza ýetdi diýip yglan etdi.