Hatibzadeh: Raisi bilen Makronyň arasyndaky gepleşikler Wena gepleşiklerine täsir edýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: "Eýran bilen Fransiýa şu wagta çenli birnäçe gepleşik geçirdi, iň soňkusy iki ýurduň prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy we ýakyn wagtda geçiriljek Wena gepleşiklerine göni täsirleri aýdyň bolar" -diýdi.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron duşenbe güni bir sagatlap geçiren telefon arkal söhbetdeşliginde Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisini ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen Tähran- Pariž gepleşikleriniň dowam etdirmäge çagyrdy.
Dürli derejedäki Eýranyň we Fransiýanyň prezidentleriniň arasyndaky gatnaşyklar ýadro gepleşikleriniň kararlaryna täsir edýär; Eýran öz pozisiýasyny aç-açan beýan etdi we iki prezidentiň arasyndaky gepleşikler Wena gepleşikleri üçin täsirli bolar diýip Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Saeid Hatibzade aýtdy.