Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 64 adamyň ölendigini habar berdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 64 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 132,745-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 23 müň 130 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,543,837 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 138 müň 692 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda ýurtda 355,426 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 61 million 56 müň 612 adam birinji dozany, 54 million 447 müň 739 adam ikinji dozany we 19 million 300 müň 345 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 134 million 804 müň 696 doza ýetdi diýip yglan etdi.