Raisi Italiýanyň prezidentiniň gaýtadan saýlanmagyny gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öz ýüzlenmesinde "Serjio Matarellanyň" gaýtadan Italiýanyň prezidentini wezipesine saýlanmagyny gutlady.
Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" "Serjio Matarellanyň" Italiýanyň prezidentine gaýtadan saýlanmagyny gutlaýan ýüzlenmesinde: Hyzmatdaşlygyň dürli mümkinçiliklerinden peýdalanmak we birek-birege hormat goýmak esasynda bilelikde alnyp barylýan tagallalar sebäpli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dürli ikitaraplaýyn, halkara we sebitleýin meýdançalarda hasam giňelmegini umyt edýärin diýdi.
Eýranyň prezidentiniň ýüzlenmesinde şeýle-de syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň uzak taryhyny ýada salmak bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň dürli mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň saýasynda we birek-birege hormat goýmak esasynda ikitaraplaýyn, halkara we sebitleýin dürli ugurlardabilelikdäki tagallanyň netijesinde has giňelmegini umyt edýärin diýilip getirilendir.