Raisi: Yslam düzgüni henizem "Gündogara ýa-da Günbatara" bagna bolmazlyk şygaryna ykrarlydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15620-raisi_yslam_düzgüni_henizem_gündogara_ýa_da_günbatara_bagna_bolmazlyk_şygaryna_ykrarlydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýran Yslam Respublikasy henizem 1357-nji ýylda halkyň "ne gündogar, ne-de günbatar" şygaryna ykararlydygyny aýtdy.
(last modified 2022-02-11T09:10:27+00:00 )
Feb 11, 2022 14:10 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Yslam düzgüni henizem

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýran Yslam Respublikasy henizem 1357-nji ýylda halkyň "ne gündogar, ne-de günbatar" şygaryna ykararlydygyny aýtdy.

Şu gün, 1400-nji ýylyň 22-nji Bahmani, 2022-nji ýylyň 11-nji fewraly, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň kyrk üçünji ýyllygy bilen gabat gelýär.

Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy, 1979-njy ýylyň 11-nji fewralynda Ymam Homeýni (RA)niň ýolbaşçylygynda ýeňiş gazandy.

Yslam Eýranyň halky, şu gün Yslam Rewolýusiýasynyň şanly ýeňişiniň kyrk üçünji ýyl dönüminde, yhlasly gatnaşmagy bilen Yslam Eýranyň gündeligine ýene bir altyn ýaprak goýdy.

Korona wirusynyň ýaýramagy sebäpli şu ýylky ýöriş ýurduň käbir şäherlerinde, şol sanda Tähranda motosikl we awtoulag bilen geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýyd Ybraýym Raisi şu gün Bahmanyň 22-nji ýörişinden soň, Tähranda juma namazynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda  Yslam Rewolýusiýasynyň şöhratly ýeňşiniň ýyl dönümini gutlamak bilen Yslam rewolýusiýasy erkinligi, ahlaky, rasionalizmi, adalaty, garaşsyzlygy, milli mertebäi, doganlygy, häkimiýetden we sütemden ýüz öwürmekligi talap edýär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de  Yslam Rewolýusiýasy agdyklyk edýän güýçleri goldaýan pasyt režimi ýok etmek we din, garaşsyzlyk, erkinlik we Yslam respublikasyna esaslanýan ulgamy döretmek üçin geldi diýip beýan etdi.

Raisi, şeýle hem, Yslam Eýranyň duşmanlarynyň ýurda garşy edýän tagallalaryna yşarat edip, Duşmanlar rewolýusiýanyň we sistemanyň bolmazlygyny islediler, ýöne bolmady we rewolýusiýanyň sargydy dünýäniň musulman we oýanýan halklaryna ýetdi we häzirki wagtda Yslam Eýrany mertebäniň iň ýokary derejesine ýetdi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem Eýranyň daşary ýurtlara bolan garaýşynyň ähli ýurtlara deňagramlydygyny aýdyp ýurduň ähli künjeklerine umyt edýäris we Wena ýa-da Nýu-Yorkorka asla umyt etmeýäris diýip sözlerine goşdy.