Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 148 adamyň ölendigini habar berdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 148 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 133,718-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 25 müň 812 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,806,265 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 298 müň 727 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda ýurtda 325,588 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 61 million 568 müň 128 adam birinji dozany, 54 million 812 müň 67 adam ikinji dozany we 21 million 279 müň 695 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 137 million 659 müň 890 doza ýetdi diýip yglan etdi.