Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 167 adamyň ölendigini habar berdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 167 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 134,53-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 25 müň 34 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,860,255 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 351 müň 436 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Resmi maglumatlara görä, korona wirusy şu wagta çenli dünýäde 414 million 436 müňden gowrak adama ýokaşdy we bu keseli sebäpli 5 million 847 müňden gowragy hem öldi.