Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15720-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 236 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2022-02-21T07:45:26+00:00 )
Feb 21, 2022 12:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 236 adamyň ölendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 236 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 135,276-a ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 19 müň 110 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,961,562 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 517 müň 436 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Kowid 19 diýlip atlandyrylýan korona wirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.