General Bageri: Serhetlerde güýçli we mäkäm goranyş çäreler ýola berilendir
Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň bäş ştabynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň serhetlerinde güýçli we mäkäm goranyş çäreler ýola berilendir diýdi.
Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň bäş ştabynyň başlygy General Muhammet Bageri we hera topary şu gün Eýranyň günorta gündogar sebitlerinde ýerleşýän goşun güýçlerden bakym edende beren gürrüňlerinde ýurduň gündogar serhetleri gaty möhüm ýagdaýdan paýlydygyna yşarat edip bu mesele aýratynda Owganystan bilen bilelikdäki serhetlerde iki esse howpsuzlyga we durnuklylyga mätäçdirler diýdi.
General Bageri goşunyň gury ýer güýjüniň 158-nji tipinden bakym edende bu güýjiň harby başarnygy hem-de bu sebitleri gorap howpsuzlygy berkarar edip bilmek ýagdaýyny gözden geçirdi.
Goşunyň serkerdesi General Seýed Abdulrahim Musawi we goşunyň gury güýjüniň serkerdesi General Kiumärs Heýdäri Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň bäş ştabynyň başlygyny bu saparda hemralyk edendirler.