Raisi: Eýran kyn günlerde sebit ýurtlaryň dosydygyny subut edendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15726-raisi_eýran_kyn_günlerde_sebit_ýurtlaryň_dosydygyny_subut_edendir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti hyzmatdaşlyk we ugurdaşlyk maksady bilen sebitleýin aragatnaşyklaryň özgerdilmeginiň yzyndadyrys diýmek bilen Eýran kyn şertlerde sebit ýurtlaryň hemmesiniň dosydygyny subut edendir diýdi.
(last modified 2022-02-21T11:26:09+00:00 )
Feb 21, 2022 16:26 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran kyn günlerde sebit ýurtlaryň dosydygyny subut edendir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti hyzmatdaşlyk we ugurdaşlyk maksady bilen sebitleýin aragatnaşyklaryň özgerdilmeginiň yzyndadyrys diýmek bilen Eýran kyn şertlerde sebit ýurtlaryň hemmesiniň dosydygyny subut edendir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şu gün Katara gurnan saparynyň boýunda bu ýurduň Emiri Şýh Tämim Bin Hamad Al-Sany bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda Eýran garaşsyz we ýurtlar we milletleriň bähbitleriniň ýanyndadygyny elmydama subut edendir diýip beýan etdi.

Raisi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň terrorçylyga garşy söweşde we iň ýokary ykdysady basyş uruşynda ýeňiş gazanandygyny aýdyp Amerika sanksiýalary ýatyrmak üçin çynlaky we yradalydygyny määlim etmelidir diýip sözlerine goşdy.

Prezident Raisi ylalaşyga ýetmek üçin Eýran halkynyň bähbitleri ylaýtada sanksiýalaryň ýatyrylmagy, ynamly kepillikler we syýasy toslamalaryň dosiýalarnyň ýapylmagy zerurdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Günbatar Aziýa sebitiniň täze tapgyra girendigine yşarat edip geçen on ýyllyklardaky möhüm özgerişlerden almaly sapak birinjiden her hili el-gatyjylygyň ýeňljekdigidir ikinjiden çydamyň netijelidigidir we üçünjiden sebit meseleleriniň hiç birisiniň harby çözgüt ýolunyň ýoklygydyr diýdi.

Raisi şeýle-de Eýran bilen Kataryň dürli ugurlardaky gowy gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlyklaryna salgylanyp iki taraplaýyn ýa-da näçe taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň sebitiň howpsuzlygyny we ykdysady ösüşini kepil geçjekdigini aýtdy.

Kataryň Emiri Şýh Tämim Bin Hamad Al-Sany hem bu metbugat ýygnagynda Eýran Yslam Respublikasy bilen Kataryň arasynda gol çekilen ylalaşyklardan hoşallyk bildirip bu örän möhüm meseledir we onuň ýerine ýetirilmegi yzarlanmalydyr diýip beýan etdi.

Iki ýurduň ýolbaşçylary şeýle hem sebitiň iň möhüm meselesi bolýan Palestina barada we Halkara kararlara laýyklykda öz ykballaryny kesgitlemäge Palestina halkynyň haklydygy hakda maslahatlaşdylar.