Pars dili; Eýran bilen Päkistanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň oky
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15754-pars_dili_eýran_bilen_päkistanyň_arasynda_medeni_hyzmatdaşlygy_giňeltmegiň_oky
Eýran Yslam Respublikasynyň Pakistandaky medeni geňeşçisi: Eýran-Pakistan pars dilini öwreniş merkezi iň uly golýazma arhiw merkezlerinden biridir diýdi.
(last modified 2022-02-23T05:26:48+00:00 )
Feb 23, 2022 10:26 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Pakistandaky medeni geňeşçisi: Eýran-Pakistan pars dilini öwreniş merkezi iň uly golýazma arhiw merkezlerinden biridir diýdi.

Yslamabatdaky Eýran-Päkistan Pars dilini öwreniş merkezi soňky 50 ýylda çap hyzmatlaryndan başga-da köp ylmy gözleg geçirdi.

Eýranly we pakistanly dalaşgärleriň köpüsi Eýranyň we Pakistanyň Pars dilini öwreniş merkezinde ylmy we gözleg işlerini alyp bardylar.

Eýranyň Pakistandaky medeni geňeşçisi Ehsan hazaei Yslamabatda EýranPress habar gullugyna beren interwýusynda Eýranyň we Pakistanyň Pars dilini öwreniş merkezindäki eserler özboluşly, gymmatly we seýrekdir we bu eserleriň hersiniň neşir edilmegi bilen ylymda, gözlegde we barlagda möhüm ösüşler bolar diýdi.

Eýranyň we Päkistanyň Pars dilini öwreniş merkeziniň döredilmeginiň elli ýyllygyna gabat gelýän Pakistanyň paýtagty Yslamabatdaky Strategiki gözleg institutynda bu ýurduň ylmy we medeni işgärleriniň we  Eýran Yslam Respublikasynyň Pakistandaky ilçisi "Seýed Muhammet Ali Hoseýni"iň gatnaşmagynda geçirildi.