Raeisi: Eýranyň islegi we syýasaty dostlukly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekdir
(last modified Wed, 23 Feb 2022 16:27:23 GMT )
Feb 23, 2022 21:27 Asia/Ashgabat
  • Raeisi: Eýranyň islegi we syýasaty dostlukly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekdir

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň islegi we syýasaty dostlukly ýurtlar, esasanam Oman bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi çarşenbe güni Tähranda Omanyň Daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidi bilen duşuşygynda şübhesiz, Tähran-Maskat özara gatnaşyklary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde we sebitleýin we halkara meseleleri çözmekde täsirli bolup biler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Oman hökümetiniň pozisiýasynyň gowy we berkdigini we sebitdäki käbir ýurtlaryň özüni alyp barşyndan düýpgöter tapawutlydygyny aýtmak bilen Oman Patyşalygynyň Palestina we Ýemene we sebit meselelerine berýän ünsi möhümdir diýip yglan etdi.

Raisi Oman hökümetiniň garaýyşynda sebitiň, yslam dünýäsiniň we Günbatar Aziýada ezilenleriň howpsuzlygyna üns berilýändigini bellemek bilen Eýranyň Oman bilen gatnaşyklary kanagatlanarly, ýöne ykdysady we söwda meselelerinde mundan beýläk-de ösüş üçin giňişlik bar we ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösmeginde iki ýurduň möhüm mümkinçilikleri ulanylyp bilner diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Oman soltanynyň bu ýurda gelmegine resmi çakylygyna minnetdarlyk bildirip, Oman soltanyny Tährana çagyrdy.

Oman Patyşalygynyň Daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidi hem Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy ýurtlara berýän goldawyna ýokary baha bermek bilen şeýle diýdi: Taryhda sebitara we dünýä howpsuzlygynyň bähbidi üçin birek-birege ynam, hormat we oňyn hyzmatdaşlyga esaslanan Eýran bilen omanyň arasynda ajaýyp gatnaşyklar bar.

Omanyň Daşary işler ministri şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Omana sapary taryhy sapar bolar we iki ýurduň halyklarynyň maksatlaryny hem amala aşyrar diýdi.