Eýran bilen Russiýanyň prezidentleriniň arasynda Ukrainadaky ýagdaý we Wena gepleşikleri barada söhbetdeşlik
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15784-eýran_bilen_russiýanyň_prezidentleriniň_arasynda_ukrainadaky_ýagdaý_we_wena_gepleşikleri_barada_söhbetdeşlik
Kreml köşgüniň metbugat gullugynyň yglan etmegine görä Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlikde Wena gepleşikleri we Ukrainadaky soňky ýagdaý barada pikir alyşdylar.
(last modified 2022-02-25T07:16:25+00:00 )
Feb 25, 2022 12:16 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Russiýanyň prezidentleriniň arasynda Ukrainadaky ýagdaý we Wena gepleşikleri barada söhbetdeşlik

Kreml köşgüniň metbugat gullugynyň yglan etmegine görä Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlikde Wena gepleşikleri we Ukrainadaky soňky ýagdaý barada pikir alyşdylar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni (21-nji fewral) Günbatary Moskwanyň howpsuzlyk aladalaryna üns bermeýändigini tankytlady we Donbasda Donetsk bilen Luhanskyň garaşsyzlygyny ykrar edýändigini aýtdy.

Şeýle hem Putin penşenbe güni irden telewideniýede eden çykyşynda Russiýanyň Donbasda Ukrainany ýaragsyzlandyrmak üçin "ýörite harby operasiýa" geçirýändigini we bu territoriýany basyp almak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Wladimir Putin penşenbe güni agşam Seýed Ybraýym Raisi bilen geçirilen söhbetdeşlikde Ukrainadaky Donbas respublikasynyň ýaşaýjylaryny goramak üçin ýörite harby operasiýa başlamak karary bilen baglanyşykly Halkara hukugynyň ülňülerine we Russiýanyň Donetsk we Luhansk Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek baradaky dostluk şertnamalaryndan we Russiýanyň borçnamalaryndan habarly etdi.      

Kreml köşgi öz beýanynda Eýranyň prezidenti hem öz gezeginde howpsuzlyk örisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we NATO-nyň durnuksyzlaşdyryjy hereketleri sebäpli Russiýanyň aladalarynyň düşnükli digini aýdandyr diýdi.

Raisi bilen Putin, telefon arkaly söhbetdeşliklerini Eýranyň ýadro programmasy boýunça giňişleýin bilelikdäki hereket meýilnamasyny goldamak we doly durmuşa geçirmek üçin diplomatik tagallalary ara alyp maslahatlaşmak üçin dowam etdirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Wena gepleşiklerinde gutarnykly ylalaşyga gelmegiň sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy saklamaga kömek etjekdigi bellenildi.

Kremliň beýanynyň ahyrynda Eýranyň we Russiýanyň prezidentleri 19-njy ýanwarda Moskwada geçirilen sammitiň netijesinden soň dürli derejedäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek kararyna gelendiklerini tassykladylar.